
Meşhur kompozitor Lýudwig wan Bethowen özündäki kerligi barha ýokarlandyrýan keseliň sebäbini anyklamaklary üçin, ölenden soňra jesediniň öwrenilmegini haýyş edip, doganlaryna hat ýazypdyr. Şol döwrüň alymlarynyň gelen netijesine görä, ägirt nemes kompozitory 56 ýaşynda aradan çykan wagty bütinleý ker bolup, bagryň sirrozyndan we başga-da birnäçe hroniki kesellerden ejir çekýän ekeni.
Şondan bäri uzak ýyllaryň dowamynda alymlar we aýdym-saz taryhyny öwrenijiler Bethoweniň kerliginiň we ölüminiň sebäbini tapmaga synanyşdylar. Bu gün bolsa, üstünden iki asyry geçirip, gözlegçiler topary merhumyň iň soňky islegini berjaý etmek maksady bilen, Bethoweniň saçynyň tarlaryndan ýygnanan DNK-ny öwrendiler we bu boýunça alnan netijäni «Current Biology» žurnalynda çap etdiler. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, birnäçe täze maglumatlar ýüze çykaryldy.
Bethoweniň ölüminiň uly syry
«Biziň esasy maksadymyz Bethoweniň 20 ýaşynda başlanyp, 20 ýyla çeken we onuň saglygyna uly zyýan ýetiren kerligiň sebäbine aýdyňlyk çaýmakdyr» diýip, «Maks Plank» institutyndan Ýohannes Krauze «Current Biology» žurnalyndaky press-relizde nygtaýar.
Eşidiş ukybynyň peselmegine garamazdan, Bethowen öz ýaşan ömründe 722 sany eser döredip, olaryň hatarynda 9 sany simfoniýa, 35 sany fortepiano sonaty we 16 sany tarly kwartet bardyr. Kompozitor gulagynyň barha agralýandygyna we myşsalarynyň gowşap, hroniki bronhitden ejir çekýändigine garamazdan, tä 40 ýaşap, doly ker bolýança eser yzyna eser döretmegi bes etmeýär. Ol 1827-nji ýylyň 27-nji martynda Wenada öňden bar bolan kesellerini hasam güýçlendiren pnewmoniýa zerarly aradan çykýar.
Uzak wagtyň dowamynda kompozitoryň ölüminiň sebäbi gurşundan zäherlenme diýlip hasap edilip gelindi. Emma 2010-njy ýylda gözlegçiler Bethoweniň kelleçanagyndaky gurşunyň islendik adamyň kelleçanagyndaky gurşundan köp däldigini anyklap, bu maglumaty inkär etdiler. Ýakynda, has dogrusy, 22-nji martda bolsa täze gözlegleriň netijesi çap edildi we kompozitoryň ölüminiň düýbünden başga sebäbiniň bardygy ýüze çykaryldy.
Soňky gözlegleriň täze netijesi
Kembrij uniwersitetiniň gözlegçiler topary biri-birinden aýratynlykda Bethowene degişli hasap edilen sekiz sany saç tarlaryny öwrendiler. Netijede, olaryň bäşisiniň hakykydygy anyklanyldy we olar Bethoweniň genini öwrenmekde ulanyldy. Topar öz gözleg işinde DNK derňewiniň soňky gazananlaryna bil baglady, bu bolsa taryhy taýdan goralýan az mukdardaky follikullardan hem tutuş genomy düzmäge mümkinçilik berdi.
Gözlegçiler Bethoweniň saçyndan alnan DNK-nyň genetiki taýdan häzirki Demirgazyk Reýn-Westfaliýanyň ýaşaýjylarynyň DNK-syna meňzeýändigini, munuň bolsa Bethoweniň gelip çykyşynyň nemesdigi baradaky öňdenem belli maglumata laýyk gelýändigini bellediler.
«Biz Bethoweniň kerligine ýa-da aşgazan-içege kesellerine degişli belli bir sebäbiň üstünden barmadyk. Emma onuň deregine, bagyr keseliniň döremegine getirip biljek genetiki faktorlaryň ençemesini tapdyk. Şeýle hem gözlegleriň dowamynda ölüminden birnäçe aý öň kompozitora gepatit B wirusynyň degendigi anyklandy. Mümkin, hut şunuň özi hem onuň aradan çykmagyna sebäp bolandyr» diýip, bilermen Ýohannes Krauze öňki aýdanlarynyň üstüni ýetirýär.
Elbetde, bu maglumatlar hem köpleriň söýgüli kompozitorynyň ölümi baradaky hakykata azda-kände aýdyňlyk girizýär, ýöne şeýle-de bolsa, ylym dünýäsine entek Bethoweniň kerliginiň düýp sebäbini açmak we onuň iň soňky islegini doly ýerine ýetirmek başardanok. Muňa garamazdan, alymlar öz maksatlaryna ýetmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar we şoňa görä, kompozitoryň iň soňky islegi bu gün bolmasa, ertir amala aşjaga meňzeýär...