
7-nji aprelde ýurdumyzda giňden bellenýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hormatly dynç alyşdaky Hudaýguly Orazgulyýew paýtagtymyzdan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna çenli 600 kilometr aralygy 15 günde welosipedli geçmegi meýilleşdirýär.
turkmenistan.gov.tm web-sahypasynda bellenişine görä, Hudaýguly aganyň bu gezelenji onuň ilkinji syýahaty däl. Ol mundan ozal, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Aşgabatdan Köneürgenç şäherine çenli aralygy welosipedli geçdi. Şeýlelikde, ýaşulynyň birinji syýahaty onuň üçin uly tejribe boldy.
Mundan başga-da, welosipedli syýahata höwesek 72 ýaşly pensioner ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine, gözel künjeklerine, dag-derelerine yzygiderli syýahatlary edýär.