
25-nji marta geçilen gije Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyryny ugratdy. Bu barada saýtymyza Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti «SalamNews-a» habar berdi.
Türkiýe ýer titremesinde ejir çekenlere iberilen 1,5 tonna ýüküň içinde dürli ýaşly adamlar üçin niýetlenen egin-eşikler, azyk hem-de zerur bolan beýleki önümler bar. Ynsanperwerlik kömegi Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Stambula iberildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenlere birnäçe gezek ynsanperwerlik kömegini ugratdy.