
2010 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçýän futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi uly şowhuna beslenýär.
Düýn ýaryşyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. «A» toparçada «Mary» topary «Balkany» 3:2 hasabynda ýeňdi. «Aşgabat» bolsa «Ahaly» uly hasap bilen utdy — 7:0. «B» toparçanyň duşuşyklary hem diýseň çekeleşikli geçdi. «Lebap» «Daşoguzdan» 2:1 hasabynda üstün çykdy. «Batly gadam» bilen «Altyn täjiň» duşuşygy bolsa deňlikde jemlendi — 3:3.
Üçünji tapgyrda «Aşgabadyň» «Maryny» utmagy (2:1), «Balkanyň» bolsa «Ahal» toparyny ýeňmegi (8:1) «A» toparçanyň ykbalyny kesgitledi. «Batly gadamyň» «Lebaby» ahmyrda goýmagy (3:2), «Altyn täjiň» «Daşogzy» ýeňmegi (2:1) bolsa «B» toparçanyň duşuşyklaryny jemledi.
Ertir — 27-nji martda ýaryşyň bäşinji we ýedinji orunlarynyň eýeleri belli bolar. Şol gün ýaryşyň ýarymfinal duşuşyklary hem geçiriler.
Şunlukda, birinji ýarymfinalda «A» toparçada birinji orny eýelän «Aşgabat» «B» toparçanyň ikinji basgançagynda ýerleşen «Lebap» toparyny kabul eder. «B» toparçanyň başynda ýerleşen «Batly gadam» bolsa «A» toparçada ikinji ýere mynasyp bolan «Mary» topary bilen duşuşar.
Jemleýji duşuşyklar bolsa 28-nji martda geçiriler.