Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Şu gün türkmenistanly gimnastikaçylaryň abraýly halkara ýaryşyndaky netijeleri belli bolar

SalamNews
Sport

Düýn — 25-nji martda çeperçilik gimnastikasy boýunça türkmen ýygyndysy Gruziýanyň Tbilisi şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyndaky çykyşyna başlady. Şu gün bolsa olaryň bu abraýly bäsleşikdäki netijeleri belli bolar. Biz olaryň netijelerini ýaryşyň jemlenmegi bilen, gysga wagtyň dowamynda «SalamNews-iň» okyjylaryna ýetireris.

Ýeri gelende bellesek, türkmen ýygyndysyna 7 ýetginjek agzalyk edýär. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 13-nji sport mekdebiniň okuwçylary Weronika Kurdupowa, Sara Gulberdiýewa, Fatima Kambarowa, Mahym Gurbanowa hem-de Aýgül Geldiýewa bu ýaryşyň medallary üçin yhlaslaryny gaýgyrman bäsleşerler. Balkan welaýatyndan bolsa Mähri Pomanowa bilen Aýsen Abdyllaýewa ýaryşar.

Milli gimnastikamyzyň ýaş uçgunjyklaryny özünde jemleýän ýygyndy toparymyza Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 13-nji sport mekdebiniň çeperçilik gimnastikasy boýunça tälimçi-mugallymlary Fiza Aýwazowa bilen Dünýägözel Ataniýazowa tälimçilik edýär.

Bu ýaryşda türkmenistanly ýetginjekleriň medallar çemenini baglamagyna garaşylýar.

Iň täze habarlar

«Denwer Naggets» toparyna 2 ýyldyzy ýeňiş getirdi

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da finalyň 3-nji duşuşygy oýnaldy.
SalamNews

Lionel Messi täze klubuny habar berdi

Fransiýanyň çempiony «PSŽ-den» gaýdan Lionel Messi täze möwsümde çykyş etjek klubuny habar berdi.
SalamNews

Tennis ýaryşynyň üçünji güni: Hasaplar we netijeler

7-nji iýunda Aşgabat şäherinde 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň üçünji gününiň oýunlary geçirildi.
SalamNews