Düýn — 25-nji martda Albaniýanyň Durres şäherinde ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty başlandy.
Çempionata Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndysy hem gatnaşýar. Bu ýaryşda türkmenistanly ýetginjeklerden uly üstünliklere garaşylýar. Muny türgenlerimiziň buýran başlangyç agramlary hem aýdyň görkezýär. 61 kilogram agram derejesinde bäsleşjek ildeşimiz — Perhat Bagtyýarowyň buýran agramynyň jemi 260 kilograma barabar bolup, bu görkeziji häzirki wagtda bellenen iň ýokary agramdyr. Munuň özi ildeşimiziň dünýäniň çempionlygyna dalaşgärleriň hataryna ynamly goşuljakdygyndan nyşandyr.
Agyrlygy boýun egdirmegiň sungaty boýunça 102 kilogramda Süleýman Japarow ilkinji synanyşygyny iki görnüşiň jemi boýunça 280 kg agyrlykdan başlar.
Gyzlardan bolsa 59 kilogram agramda guraljak ýaryşa çykjak Medine Amanowanyň buýran başlangyç agramynyň jemi aýratyn ünsüňi çekýär. Onuň bellän agramy 205 kilograma deňdir. Munuň özi bu ugurda ikinji orunda duran müsürli türgeniň tabşyran agram derejesinden 10 kilogram artykdyr. Şeýlelikde, bu maglumatlar Medinäniň hem çempionlyga dalaşgärdigini aýdyňlaşdyrýar.
Gülälek Kakamyradowa 64 kilogram agram derejesindäki gyzlaryň arasynda başarnygyny synap, onuň ilkinji synanyşygy umumy 190 kg agyrlygy boýun egdirmek üçin göreşmekden badalga alar. 45 kilogramda bäsleşjek zehinli türkmen gyzy Ogulşat Amanowa iki görnüşiň jemi boýunça 150 kilogram buýurdy. Şebnam Kerimbaýewa 40 kilogramda bäsleşip, onuň buýran başlangyç agramy iki görnüşiň jemi boýunça 112 kilogramdyr.
Biz ildeşlerimiziň dünýä çempionatyny ajaýyp netijelere beslejekdiklerine ynanýarys. Çünki olar bu ýaryşa ykjam taýýarlykly geldiler. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Zelenodolsk şäherinde guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlady. Gurbandurdy Amanowyň hem-de Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda alnyp barlan okuw-türgenleşik ýygnanyşygy ildeşlerimiziň ýokary derejedäki taýýarlygyny üpjün etmekde diýseň ähmiýetli boldy. Ýygnanyşyga türgenlerimiziň 9-sy gatnaşdy. Oňa Nurbek Azamatow, Perhat Bagtyýarow, Didarbek Jumabaýew, Süleýman Japarow, Ogulşat Amanowa, Şebnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa hem-de Anamjan Rustamowa ýaly iri ýaryşlarda başarnyklaryny görkezen zehinli ýaşlarymyz gatnaşdylar.