Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny Pariž Olimpiadasyna taýýarlamak boýunça Karara gol çekildi

SalamNews
Syýasat / Resmi habarlar
Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny Pariž Olimpiadasyna taýýarlamak boýunça Karara gol çekildi

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine:

— ýokarda agzalan oýunlara ylmy esasda taýýarlanmagy üpjün etmek;

—  degişli  ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli maksatnamany, ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

Şeýle hem resminama laýyklykda, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary maksatnamada we meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmeginde Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine ýardam bermäge borçly edildi.

Iň täze habarlar