Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Göçme söwda nokatlarynyň 270-e golaýy saýlawlarda halka hyzmat edýär

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
turkmenmetbugat.gov.tm
Göçme söwda nokatlarynyň 270-e golaýy saýlawlarda halka hyzmat edýär

Häzirki wagtda dowam edýän milli parlamentiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlary üçin saýlaw uçastoklarynyň ýanynda raýatlarymyza söwda we beýleki hyzmatlary hödürleýän göçme nokatlaryň 270-e golaýy göwnejaý iş alyp barýar diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar.

Bellenişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli kärhanalar tarapyndan paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynyň ýanynda açylan söwda nokatlarynda halkara synçylara hem-de saýlawlara gelýän saýlawçylara dürli-dümen tagamlar, şirin miwelerdir şireler, beýleki önümler hödürlenýär. Şeýlelikde, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň geçişine syn etmäge gelen daşary ýurtly myhmanlar türkmen saçagynyň berekedi bilen tanşyp, halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine ýakyndan şaýat bolýarlar. 

Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 8-nji iýunda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.
SalamNews

Wengriýanyň Premýer-ministri resmi sapary bilen Aşgabada geldi

Şu gün — 8-nji iýunda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Türkmenistana iki günlük resmi sapary bilen Aşgabada geldi.
SalamNews