
Ýurdumyzda erkekleriň we zenanlaryň hukuklarynyň deňdigi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda kepillendirilendir. Şoňa görä-de, şu gezekki saýlawlarda-da gender deňligi ýörelgesiniň ileri tutulýandygyny anyk sanlardyr maglumatlaryň mysalynda aýdyň görmek bolýar.
«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde berilýän habara görä, Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleriň 15,89 göterimini; welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 32,04 göterimini; etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 33,98 göterimini; Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň bolsa 30,72 göterimini zenanlar düzýär. Şunuň bilen birlikde, saýlawlara ýerli derejede syn edýän milli synçylaryň 50,47 göterimi hem zenanlardyr.
Umuman, ýurdumyz boýunça jemi 14 müň 872 dalaşgär hödürlendi we bellige alyndy. Şolardan 258-si Mejlisiň deputatlygyna, 515-si welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna, 2001-si etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 12 müň 98-si Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlerdir. Şol sanda Demokratik partiýadan 6 müň 241 dalaşgär, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 523 dalaşgär, Agrar partiýadan 3577 dalaşgär, şeýle-de raýatlar toparlaryndan 4531 dalaşgär bellige alyndy.