Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Saýlaw uçastoklarynyň 2644-si saýlawçylara gapylaryny açdy

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
Saýlaw uçastoklarynyň 2644-si saýlawçylara gapylaryny açdy

Şu gün — 26-njy martda irden sagat 07:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek üçin ýurdumyz boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň ählisi saýlaw hukukly raýatlar üçin gapylaryny giňden açdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Adatça bolşy ýaly, saýlaw uçastoklarynyň işi Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlady. Olaryň her birinde döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi halkara synçylara ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy we milli gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende bellesek, Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw uçastoklary degişli etrap, şäher saýlaw topary tarapyndan yzygiderli tertip boýunça belgilenip, saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmagy üçin amatly bolar ýaly tertipde döredilýär. Umuman, şu gezekki saýlawlar üçin tutuş ýurdumyz boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň jemi 2644-sinde, şol sanda Aşgabat şäherinde 312-sinde, Ahal welaýatynda 365-sinde, Balkan welaýatynda 272-sinde, Daşoguz welaýatynda 536-synda, Lebap welaýatynda 567-sinde, Mary welaýatynda 550-sinde ses bermäge mümkinçilik bar.

Şeýle-de daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukugyny üpjün etmek maksady bilen, Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy esasynda döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyňdyr konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi.

Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 8-nji iýunda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.
SalamNews

Wengriýanyň Premýer-ministri resmi sapary bilen Aşgabada geldi

Şu gün — 8-nji iýunda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Türkmenistana iki günlük resmi sapary bilen Aşgabada geldi.
SalamNews