
Şu gün ir säherden ýurdumyzda badalga alan milli parlamentiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçişi baradaky maglumatlar milli teleýaýlymlarda, internet saýtlarynda yzygiderli tertipde köpçülige ýetirilýär diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.
Şunda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde alnyp barlan işleriň netijesinde, saýlaw uçastoklarynyň 240-synyň wideokameralar bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Şeýle-de ses bermegiň barşynyň merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm web saýtynda ir sagat 7:00-dan agşam sagat 19:00-a çenli sanly ulgam arkaly onlaýn tertipde görkezilmegi ýola goýuldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meselesine bagyşlanyp, 24-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berip: «Goý, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň aç-açan, aýan, demokratik saýlawlardygy dünýä ýaýylsyn!» diýip nygtady.