Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanly ýaşlaryň 76 müňe golaýy ilkinji gezek saýlawlara gatnaşýar

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
tdh.gov.tm
Türkmenistanly ýaşlaryň 76 müňe golaýy ilkinji gezek saýlawlara gatnaşýar

Şu gün ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň ýurdumyz boýunça jemi 75 müň 600-den gowragy hasaba alyndy diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Şu ýyl Watanymyzyň geljegi bolan gujurly ýaşlaryň müňlerçesi özleriniň ilkinji syýasy ädimlerini ädip, Mejlisiň deputatlygyna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň iň mynasyplary üçin öz seslerini bermäge mümkinçilik aldylar. Saýlaw uçastoklarynda olara höweslendiriji sowgatlar gowşurylýar.

Iň täze habarlar