Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişine girişildi

SalamNews
Ykdysadyýet / Oba hojalygy
turkmenmetbugat.gov.tm

Şu gün — 24-nji martda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi. Döwletli işe welaýatlaryň il sylagly ýaşululary ak pata berdi.

Şu ýyl Ahal welaýatynyň babadaýhanlary 135 müň gektarda gowaça ekişini geçirip, şol ýerden 280 müň tonna pagta hasylyny almagy maksat edinýärler. Balkanly daýhanlar bolsa 13 müň gektar meýdana gowaça ekip, 16 müň tonna hasyl almagy wezipe edip goýdular.

Lebap welaýatynda gowaça ekişi üçin bölünip berlen 130 müň gektar meýdanda agrotehniki çäreleri geçirmek üçin topragy ýumşadyjylaryň 80-den gowragyndan, dişli boronalaryň 7770-sinden, malalaryň 545-sinden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Mary welaýatynda şu ýyl 162 müň gektar ýere gowaça ekmek ugrundaky asylly işe badalga berildi.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine 29-njy martda ak pata berler.

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi amatly bahadan konteýnerleri kärendesine berýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti konteýner ýük gatnawlaryny artdyrmak maksady bilen birnäçe işleri amala aşyrýar.
SalamNews

Türkmen önümleri Soçidäki halkara sergide sergilenýär

7-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy.
SalamNews