
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň nano we biolukmançylyk elektronikasy kafedrasynyň mugallymy Mekan Toýjanow we himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Batyr Atdaýew 30-njy ýanwar — 17-nji mart aralygynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk guramasy (JICA) tarapyndan guralan 45 günlük okuw saparynda boldular.
Okuw saparynyň maksady Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň ylmy-barlag merkezlerinde alnyp barylýan ylmy işler bilen tanşyp, ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr, magistratura, doktorantura okuw maksatnamalarynyň guralyşyny öwrenmekden ybarat boldy. Mundan başga-da, türkmen mugallymlary Günüň dogýan ýurdunda öz ylmy işlerini hem alyp bardylar.
Okuw saparynyň çäklerinde Mekan Toýjanow Sukuba uniwersitetiniň ýarymgeçiriji materiallaryň önümçiligi laboratoriýasynda «Gün energiýasynyň kömegi bilen suwdan wodorody almak» atly ylmy işini alyp bardy. Mekan mugallym bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol habarçymyza şeýle gürrüň berdi:
— Men saparyň çäklerinde professor Takeaki Sakuraýiniň ýolbaşçylygynda Wismus wanadium tetraoksidiň inçe nanogatlagynyň aýnanyň ýüzüne çaýylyşyny we häsiýetlerini dürli spektrofotometrleriň kömegi bilen öwrendim. Soňra bu alnan nanogatlagyny Gün panelleriniň kömegi bilen suwy wodoroda we kisloroda dargatmak üçin ýörite gurnalan enjam arkaly elektroliz prosesini amala aşyrdym. Okuw saparynyň çäklerinde her hepdäniň duşenbe we anna günleri guralýan laboratoriýanyň agzalarynyň ýygnagyna gatnaşyp, bu ýerde öz alyp baran işlerim barada maglumat berip, professoryň belliklerini we ylmy işiň indiki ädimleri barada maslahatlary diňledim. Bu ýerde alyp baran ylmy işlerimiz ýurdumyzda geljekde wodorod energiýasynyň önümçiligini ýola goýmakda başlangyç bolar diýip umyt edýärin.
Okuw saparynyň çäklerinde uniwersitetiň mugallymy Batyr Atdaýew Sukuba uniwersitetiniň birnäçe ylmy laboratoriýalarynda ylmy-barlag işlerini alyp baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdy.
— Saparyň dowamynda jemi üç sany — professor Markos Newesiň ýolbaşçylygynda azyk önümleriniň inženerçilik laboratoriýasynda, professor Žaň Ženýanyň ýolbaşçylygynda obasenagat inženerçilik laboratoriýasynda, şeýle hem professor Kawada Kiýokazunyň ýolbaşçylygynda biologiki baýlyklary gorap saklamak laboratoriýasynda ylmy işleri alyp bardym.
Birinji laboratoriýada düzüminde bioişjeň maddalary saklaýan nanoemulsiýalary taýýarladym we olary iýmit hökmünde ulanmak üçin dürli şertlerde durnuklylygyny seljerdim. Ikinji laboratoriýada oba hojalyk galyndylaryny ulanmak arkaly, galyndysyz önümçiligi gurnamak boýunça ylmy-barlag işlerini alyp bardym. Oba hojalyk galyndylaryndan energiýa çeşmesini, gidroponika üçin suwuk döküni, toprak üçin kompost almagyň usullaryny öwrendim. Üçünji laboratoriýada biologiki baýlyklary seljermegiň usullaryny, olaryň ýitip gitmezligi üçin zerur bolan şertleri kesgitlemegiň ýollaryny we biologiki baýlyklary himiki seljermegiň usullaryny öwrendim.
Iş saparynyň dowamynda laboratoriýalarda geçirilen ýygnaklara gatnaşdym we alnan netijeleri ähli laboratoriýanyň agzalary bilen paýlaşdym. Mundan başga-da, Ýaponiýa döwletiniň azyk inženerçiligi boýunça geçirilen ylmy-amaly maslahatynda çykyş edip, alnyp barlan ylmy-barlag işlerinde gazanylan netijeler barada maglumatlary paýlaşdym — diýip, uniwersitetiň mugallymy Batyr Atdaýew gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa kafedrasynyň müdiri Ogulgurban Soltanowanyň we öýjük we molekulýar biologiýa kafedrasynyň mugallymy Şemşat Ataýewanyň hem iki hepdelik Ýaponiýanyň Kawasaki şäherinde ýerleşýän Nanolukmançylyk innowasiýa merkezinde okuw saparynda bolandyklaryny habar beripdik.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen özara gatnaşyklary barha berkidýär.