ÝAŞYRYNLYK SYÝASATY HEM-DE ULANYŞ YLALAŞYGY

Şu Gizlinlik Syýasaty SalamNews habarlar portalynyň ulanyjylaryna bu sahypadan peýdalanylanda biz tarapyndan berilýän maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we ulanmak boýunça amala aşyrylýan hereketler barada habar bermek üçin niýetlenendir.

Sahypada SalamNews bilen baglanyşykly bolmadyk çeşmelere salgylanmalaryň bolup biljekdigi göz öňünde tutulmalydyr (mysal üçin, biziň habarlarda salgylanýan neşirlerimiz). Biziň gizlinlik syýasatymyz şunuň ýaly saýtlara degişli däldir.

SalamNews cookie faýllary ýygnamaýar, ýagny ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny (ip-salgylaryny, ýaş, jyns, olaryň ileri tutýan isleglerini we talaplaryny) almaýar. Biz diňe öz sahypamyzda ulanyjylaryň özüni alyp barşy barada maglumat alýarys (girýän ýurdy, sessiýanyň dowamlylygy, girilýän sahypalar we ş.m.). Maglumat göni saýtdan, şeýle hem öz goşundylarymyzdan toplanýar.

Ýygnalýan maglumatlar diňe saýta girýänleriň ulanyjylyk tejribesini kämilleşdirmek üçin ulanylýar.

Biziň ýaşyrynlyk syýasaty hem-de ulanyş ylalaşygyna islendik wagt üýtgetmeler girizmek hukugymyz bar. Mysal üçin, bu saýtymyzy gowulandyrmagyň üstünde işleýän wagtymyz ýa-da kanuny düzgünler üýtgän mahaly şeýle bolup biler. Gizlinlik Syýasatymyza üýtgetmeleriň girizilendigini yzygiderli barlap durmagyňyzy soraýarys.

Bu ýaşyrynlyk syýasaty hem-de ulanyş ylalaşygyn bilen baglanyşykly ähli soraglar boýunça e-poçta salgymyza hat iberip, biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.

1. UMUMY DÜZGÜNLER

1.1 Bu Düzgünler salamnews.com.tm (mundan beýläk «Saýtyň Dolandyryjysy» diýlip atlandyrylýar) saýtynda ýerleşdirilen maglumatlary, täzelikleri we beýleki materiallary ulanmagyň tertibini we şertlerini (mundan beýläk internet-saýtyň görkezilen bölümi Saýt diýlip atlandyrylýar), şeýle hem Saýt tarapyndan materiallary ulanmagyň düzgünleri we Saýtyň Dolandyryjysy bilen özara gatnaşyk etmegiň tertibini kesgitleýär.

1.2 Saýtda ýerleşdirilen islendik materiallar intellektual eýeçiligiň obýektleridir (awtorlyk hukugynyň ýa-da gatyşyk hukuklaryň, şeýle hem şahsylaşdyrma serişdelerine bolan hukuklaryň obýektleridir). Saýtyň Dolandyryjysynyň bu materiallara bolan hukugy Türkmenistanyň «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» kanuny bilen goralýar.

1.3 Saýtda ýerleşdirilen materiallary ulanmaga diňe Saýtyň Dolandyryjysynyň ýa-da Saýtda ýerleşdirilen materialda aç-açan görkezilen beýleki awtorlyk hukugynyň eýesiniň razylygy bilen rugsat berilýär.

1.4 Saýtda ýerleşdirilen materiallary ulanmak we ulanmaga rugsat bermek, Saýtyň Dolandyryjysyndan başga awtorlyk hukugynyň eýelerine, şeýle awtorlyk hukugynyň eýeleriniň rugsady bilen ýa-da şeýle awtorlyk hukugynyň eýeleri tarapyndan kesgitlenen şertlere laýyklykda rugsat edilýär. Bu Düzgünlerden gelip çykýan kadalaryň hiç biri üçünji taraplara Saýtda ýerleşdirilen anyk materialda gönüden-göni görkezilen awtorlyk hukugynyň eýeleriniň materiallaryny ulanmaga hukuk bermeýär.

1.5 Bu Düzgünler aşakdaky ulanyjylara degişlidir: habar gulluklary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň elektron we neşir serişdeleri, islendik fiziki we ýuridiki şahslar, şeýle hem aýry-aýry telekeçiler (mundan beýläk «Ulanyjylar» diýilýär).

2. MATERIALLARY ULANMA

2.1 Saýtyň Dolandyryjysyndan rugsat almazdan Saýtyň materiallaryny ulanmak kabul ederliksizdir.

2.2 Saýtyň materiallaryna islendik üýtgetmeleri ýa-da goşmaçalary girizmek, şeýle hem materiallaryň islendik gaýtadan işlenilmegi gadagandyr.

2.3 Saýtyň Dolandyryjysyna we beýleki awtorlyk hukugynyň eýelerine (üçünji taraplara) degişli bolup, Saýtda ýerleşdirilen surat, grafika, wideo, ses we beýleki materiallary (şertnamasyz/rugsat berilmezden) ulanmak gadagandyr.

2.4 Belli bir materialy ulanmaga rugsat bermek, Ulanyjy bilen Saýtyň Dolandyryjysy tarapyndan her bir aýratyn ýagdaýda ylalaşylýar.

2.5 Saýtyň hukuk eýeçiligi üçünji taraplara degişli bolan materiallaryny ulanmak zerur bolan halatynda (Saýtyň Dolandyryjysyna däl-de, başga hukuk eýeçiligine degişlidigi şeýle materiallarda aç-açan görkezilen bolsa), Ulanyjylar materiallary ulanmak üçin rugsat almak üçin şeýle materiallaryň awtorlyk hukugynyň eýelerine ýüz tutmalydyrlar.

3. SAÝTYŇ MATERIALLARY ULANYLANDA ULANYJYLARYŇ BORÇLARY

3.1 Saýtyň materiallary Saýtyň Dolandyryjysynyň rugsady bilen islendik maksat bilen ulanylanda, Saýta salgylanmak talap edilýär we aşakdaky görnüşde amala aşyrylýar:

3.2. Çap edilen neşirlerde ýa-da başga görnüşlerdäki maddy göterijilerde Ulanyjylar materiallary her gezek ulanan halatlarynda «salamnews.com.tm» web sahypasyny çeşme hökmünde görkezmeklige borçludyrlar.

3.3. Internetde ýa-da elektron görnüşinde ulanmagyň beýleki görnüşlerinde maddy däl göterijilerde materiallary ulanan her bir ýagdaýda Ulanyjylara Saýta gipersalgylanma goýmaklyk talap edilýär — «salamnews.com.tm», gipersalgylanma işjeň we gönümel bolmaly, şunda bellik edilen ýere bir gezek basylanda Ulanyjynyň materialynyň salgylanan Saýtynyň anyk sahypasyna geçmelidir.

3.4. Bu Düzgünleriň 3.1 we 3.2 bentlerde görkezilen çeşmä salgylanma ýa-da gipersalgylanma Ulanyjy tarapyndan ulanylýan tekst materialynyň başynda, şeýle hem Saýtyň Dolandyryjysynyň ulanylýan ses, wideo, surat materialy, grafiki materialynyň gönümel aşagynda ýerleşdirilmelidir. Çeşmä salgylanma ýa-da gipersalgylanma harplarynyň ölçegi, Saýtyň materiallarynyň ulanylýan tekstiniň harplarynyň ölçeginden ýa-da ses, wideo, surat materiallary we grafika bilen bilelikde Ulanyjynyň tekstiniň harp ölçeginden pes bolmaly däldir. Saýtyň materiallary we salgylanmanyň reňki Saýtdaky salgylanmalaryň reňkleri bilen birmeňzeş bolmaly we Ulanyja görünmelidir.

3.5 Saýtyň ikinji çeşmelerden alnan materiallary (bu barada şunuň ýaly materiallarda ýa-da olara ýakyn bolan ýerlerinde aç-açan görkezilip, Saýtyň Dolandyryjysyndan başga awtorlyk hukugynyň eýelerinden) ulanmak diňe şu çeşmelere salgylanyp we zerur bolsa şeýle çeşmeler (hukuk eýeleri) tarapyndan olaryň rugsady bilen alnyp bilner.

3.6. Saýtdan alnan asyl materialyň (eseriň) manysynyň ýoýulmagyna sebäp bolup biljek gaýtadan işlenmegine, şol sanda materialyň kemelmegine ýa-da başga bir gaýtadan işlenmegine ýol berilmeýär.

3.7. Saýtyň materiallaryny Saýtyň Dolandyryjysynyň rugsady bilen haýsydyr bir maksat bilen ulanylanda, Saýtyň maglumat, habar materiallary ulanylanda, Ulanyjylar web sahypalarynda görkezmeli däldirler we RSS-de maglumat berilýän wagty, habar materiallary birmeňzeş ýa-da Saýtda goýberlen wagtyndan has ir bermeli däldirler.

4. GAÝRY ŞERTLER

4.1. Saýtyň Dolandyryjysy Ulanyjylara habar bermezden islendik wagt bu Düzgünleri birtaraplaýyn üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar. Islendik üýtgetmeler Saýtda ýerleşdiriler. Üýtgetmeler Saýtda çap edilen pursatyndan güýje girýär.

4.2. Saýtyň materiallaryny ulanmak bilen baglanyşykly ähli soraglar üçin Ulanyjylar şu salgy boýunça Saýtyň Dolandyryjysyna ýüz tutup bilerler: info@salamnews.tm

4.3. Saýtdaky materiallary ulanmak bilen baglanyşykly şu Düzgünler bilen düzgünleşdirilmedik ähli meselelerde taraplar Türkmenistanyň kanunçylygynyň düzgünlerine esaslanýar.

5. MAGLUMAT HYZMATDAŞLYGY

Eger geçirýän çäräňiz boýunça maglumat goldawyny almak maksady bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin info@salamnews.tm elektron-poçtasyna hat iberip, biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz. Hat, biziň tarapymyzdan size özara peýdaly şertleri hödürläp biler ýaly, geçiriljek çäre barada doly maglumatlary öz içine almalydyr. Teklibiňizi gözden geçirenimizden soň, biz siziň bilen habarlaşarys. Soraglaryňyz bar bolsa, şu belgi boýunça jaň edip bilersiňiz: ofis: (+993) 12 753517; mob: (+993) 61981364

Çäräňizi saýtda habar bermek üçin bize saýlanyňyz we bize ynananyňyz üçin sag boluň!

Siz soraýarsyňyz - Salam jogap berýär.

Salamnews okyjylaryna ýokary hilli we ygtybarly maglumat bermek üçin işleýär. Soraglaryňyz bar bolsa, bize ýüz tutuň we Salamnews habarçylar topary size jogap bermäge synanyşar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews