«Aýdyň gijeler» önümleriniň görnüşlerini artdyrýar we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrýar

SalamNews

29 Mart, 2024

3

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» çykaran 14330 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi. 49% Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, 51% bolsa  telekeçi H.B.Abdurahmanowa  degişli bolan «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti Türkmenistan boýunça iň ýokary tehnologiýaly we döwrebap elektroniki enjamlary öndürmek boýunça iň öňdebaryjy kärhanalaryň biridir.

Şol bir wagtyň özünde hem, kompaniýanyň önümleriniň hiliniň halkara ülňülerine doly laýyk gelmegini gazanmak ugrunda giň gerimli işler amal edilýär.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasydyr. Kompaniýa 2020-nji ýylda dürli brendlerdäki elektronikalary öndürmek bilen, önümçiligini ep-esli giňeltdi.

Kompaniýa elektron enjamlaryny öndürmekde iň kämil dünýä tejribesini öwrendi we 2017-nji ýyldan başlap kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 3-den 96 Watta çenli bolan dürli ululykdaky 8 million 440 müň LED lampalaryny öndürmek üçin ýeterlik bolup durýar. Şeýlelikde, hojalyk jemgyýeti halkara standartlaryna laýyk gelýän hem-de importyň ornuny tutýan ýokary tehnologiýaly elektron önümlerini öndürmegiň gerimini giňeltdi.

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik ammarlarynyň eýeleýän umumy meýdany 4,7 gektara barabar bolup, munuň özi Türkmenistan boýunça iň uly önümçilik çäkleriniň biridir. Şu günki gün «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti işiniň görnüşlerini artyrmak maksady bilen, önümçilik ammarlarynyň 7-sini dolandyrýar. Şol önümçilik ammarlarynda 18 görnüşli elektrotehnika enjamlary öndürilýär. Şeýle önümleriň hatarynda her ýyl 250 müň nusgasy öndürilýän 1-nji synpda okaýan çagalar üçin okuw kompýuterleri, netbuklar hem-de planşetler bar. Bu ýerde ak şäherimiziň ýollaryna ýagty salýan çyralaryň her ýyl 150 müň nusgasy taýýarlanylýar. Mundan başga-da, hojalyk jemgyýeti her ýyl «Tolkun», «Zemin» hem-de «Älem» brendleriniň dürli diametrlerdäki — 32', 42', 55', 65' ölçeglerdäki 4K telewizorlarynyň 100 müň nusgasyny çykarýar.       

Bu ýerde bir ýylda «Şowly» haryt nyşanly monobloklaryň, «Aýtab» markaly planşetleriň 100 müň, «Mylaýym» sowadyjylarynyň (kondisioner) 30 müň, «Uçgun» haryt nyşanly routerleriň 40 müň, «Teşne» brendi bilen meşhur bolan suw sowadyjy enjamlaryň (kuler) 20 müň, «Milli» markaly smartfonlaryň 50 müň, «Körpe» atly ykjam telefonlaryň 1 million nusgasy öndürilýär.  

Ýurduň dürli pudaklarynda resminamalary dolandyrmagyň elektron ulgamyny ornaşdyrmak maksady bilen bolsa «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň «Elektrotehnika tehnologiýalar merkezi» bölümi döredildi. Şu merkeziň üsti bilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ösýän innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanyp, ýurduň edaralarynda we kärhanalarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň durmuşa geçirmäge çalyşýar.

Hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda 5 million sany elektron çip we polikarbonatdan (ýerli çig mal) 3 million SIM-kart öndürmäge ukyply bolan önümçilik desgasyny döretdi hem-de suw geçirmeýän we ýylylyga durnukly ýolyşyklary, galyberse-de, ýol belgileriniň önümçiligini hem alyp barýar.  

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň bankomatlaryň ätiýaçlyk şaýlary boýunça hyzmatlary özünde jemleýän merkeziniň hem üstünlikli işleýändigini bellemelidiris. Hyzmat merkezi bankomat infrastrukturasynyň üznüksiz işlemegini üpjün edýär hem-de olary çalt bejermek üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň giň toplumyny hödürleýär. Mundan başga-da, müşderiler üçin yzygiderli tehniki goldawy amala aşyrýar.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýyldan bäri önümçiligini has-da kämilleşdirmek, hünärmenleriniň dünýä tejribelerini özleşdirmeklerini gazanmak üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzdaky täze önümçilikleriň döwrebap ösdürilmegi we hünärmenleriň baý tejribe toplamaklary üçin hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň daşary ýurtlara saparlary guralýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň taslama boýunça bölüminiň başlygy Wladislaw Admakin «SalamNews» saýtynyň korrespondentine beren gürrüňinde kärhananyň täze innowasion taslamalarynyň hatarynda dürli görnüşli we ölçegli yşyklandyryş direglerini, demir sütünlerini galwanizlemek, sinklemek bilen baglydygyny aýdypdy. Ol hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän ýol hereketini kadalaşdyryjy ýolyşyklaryň çarçuwalaryny hromlamak işlerini ýola goýmagy meýilleşdirýändiklerini hem belledi.

Şeýle hem mis we alýumin geçirijileri öndürjek kabel önümçilik sehiniň mümkinçiliklerini utgaşdyrmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews