«Bossan Concept» içerki bezeg üçin täze harytlaryny hödürleýär

SalamNews

6 Aprel, 2024

1

Ynsan gözleriniň gözel zatlardan we içki interýeriň özboluşlylygyndan hoşal bolýandygy hiç kim üçin syr däldir. Gelşikli zatlar näçe köp bolsa, öýüň içi hözürli, howasy ýakymly duýulýar.

Bu nukdaýnazardan, «Bossan Concept» dükanlaryndaky bezeg oýunjaklarynyň köp görnüşliligi bilen ilatyň arasynda meşhurdyr. Siz bu ýerde öz ýaşaýan jaýyňyzy aýratyn stilde bezemek üçin göwnüňiziň isleýän zatlarynyň hemmesini tapyp bilersiňiz.

«Bossan Concept» -iň işgärleriniň belleýşi ýaly, şeýle bezeg oýunjaklary diňe bir jaýy bezemek üçin däl, eýsem ýakynlaryna sowgat hökmünde hem satyn alynýar. Häzirki wagtda müşderiler aždarhajyklara aýratyn isleg bildirýär.

Bu trendi göz öňünde tutup, ýakynda «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bossan Concept» söwda nokatlaryna aždarha görnüşindäki oýunjaklaryň täze ýygyndysy geldi. Oýunjaklar üç reňkde görkezilýär we bahasy bary-ýogy 120 manat. Bu ýakymly önümleri sowgat alan adam ýakymly duýgulara gowuşýar.

«Bossan Concept» dükanynda öýüňiziň gözelligine gözellik goşup biljek özboluşly gurjaklar hem satylýar. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen önümler otagy ýylylyk bilen dolduryp, islendik içki giňişlige bezeg berer.

Magtymguly şaýolundaky täze «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bossan Concept»-iň dükanlaryna baryp görüň. Dükanlar söwda we dynç alyş merkeziň 0-njy we birinji gatynda ýerleşýändigini ýatladýarys.

Mundan başga-da, «Bossan concept» tarapyndan hödürlenýän ajaýyp önümleri Mollanepes köçesiniň 27-nji jaýynda ýerleşýän «Dürdäneli» söwda merkezinden (15-nji tapgyr), «Aşgabat» söwda merkeziniň ikinji gatyndaky A-201 dükanyndan, şeýle hem «Gül Zemin» söwda merkezindäki «Şerbet» markedinden tapyp bilersiňiz!  

Aragatnaşyk ulgamlary:

Instagram: @saloni.tm; @bossan_concept; @bossan_flora; @bossan_outdoor; @bossan_coffee_garden.

Internet saýty: www.bossan-concept.com

Telefon belgileri: 72-60-60; 41-55-54.

«Arkaç» söwda merkezindäki dükanynyň telefon belgileri: (+99362) 37-74-74,

(+99363) 43-83-82.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews