«Imdatbot» sizi EA ulanyp robot tehnikasyny öwrenmek boýunça mugt açyk sapaga çagyrýar

SalamNews

5 Aprel, 2024

Çagalaryň robot tehnologiýalaryny programmirlemegi öwrenmek boýunça okuw merkezi «Imdatbot» hemmeleri emeli aň ulanyp, robot tehnikasy boýunça mugt açyk sapaga gatnaşmaga çagyrýar. Bu diňe aýratyn çäre, gyzykly waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem siziň we çagaňyzyň bilim-düşünjesini giňeltmäge hem niýetlenendir.

2024-nji ýylyň 7-nji aprelinde ýekşenbe güni başlanýan bu sapak size robot dünýäsine gyzykly syýahat garaşýar. Çäräniň şeýle mümkinçilikler bolar:

  • Robot tehnologiýalary pudagynyň iň täze gazananlaryny görüp boljak okuw merkezine giňişleýin gezelenç etmek;

  • «Codey Rocky» we «mBot» ýaly ajaýyp robotlar bilen tanşyp, olaryň nähili işleýändigini bilmek;

  • «Scratch» dilinde programmirlemekde we öz robotlaryňyzy döretmekde güýjüňi synap görmek;

  • Öz başarnyklaryňyzy barlap görmek üçin robot dolandyryşyna we gysgajyk ýaryşlara gatnaşmak;

  • Logikanyň we pikirlenmäniň ösmegine itergi berýän dürli okuw oýunlaryny synap görmek;

  • Okuw merkeziniň dürli programmalary bilen tanyşmak we çagaňyz üçin iň amatlysyny saýlamak.

Diňe açyk sapaga gatnaşyjylar üçin ulanylýan ýörite teklibiň bir bölegi hökmünde, bir çaga okuwa ýazylsa, ikinji çaga (öň «Imdatbot» merkezine gatnamadyk bolsa) doly sapaklara gatnaşyp biler.

Açyk sapagyň geçirilýän senesi we wagty:

Sene: 2024-nji ýylyň 7-nji apreli (ýekşenbe)

Wagt: 13:00-14:30 (ýerler doly) we 15:00-16:30.

Dowamlylygy: 1,5 sagat.

Merkeziň salgysy: Parahat 3, Molodeznaýa köçesi, 120-nji jaýy.

Sapak ýa-da has giňişleýin maglumat üçin +993 62 60 00 69 telefon arkaly habarlaşyň ýa-da imdatbot.edu.tm girip görüň.

Çagaňyz bilen robot dünýäsine aralaşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi elden gidermäň! Açyk sapagymyza geliň we tehnologiýa pudagynda täze gözýetimlere eýe boluň!

Instagram: @imdatbot

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews