Ajaýyp yslaryň dünýäsine aralaşyň: «France Oil Perfume» indi «Arkaç» söwda merkezinde!

SalamNews

5 Aprel, 2024

1

«France Oil Perfume» «Arkaç» söwda merkezindäki «Kämil Marketde» öz söwda nokatlaryny açandygyny habar berýär.

Bu ýerde her ädim ajaýyp atyrlaryň duýgularyňyzy tolgundyrjak özboluşly ysy bilen utgaşýar. Özüňiz üçin nepis ysy şu ýerden tapyp ýa-da ýakynlaryňyza sowgat hökmünde saýlap bilersiňiz.

«France Oil Parfume»-niň maksady fransuz stiliniň täsin jadysy bilen doldurylan pursatlary döretmekdir. «France Oil Parfume» her bir hoşboý ysyň özboluşlylygyňyza we stiliňize ünsi çekip, özboluşly hekaýaňyzyň bir bölegi bolmaga çalyşýar.

Indi «France Oil Parfume»-niň özüne çekiji hoşboý yslary diňe bölek satuw görnüşinde müşderilere ýetirilmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýädäki lomaý müşderiler üçin hem elýeterlidir.

Bu önümleri «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezindäki «Kamil Marketden», «Aşgabat Gipermarketden», «Altyn Zaman» söwda we dynç alyş merkezinden, «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinden hem-de «Haýrat» söwda merkezinden satyn alyp bilersiňiz.

Doly nusgalar bilen tanyşmak isleýänler parfumer.group web saýtyna girip ýa-da Instagram sahypasyndan täze önümleri yzarlap bilerler: @parfumer_tm.

Hyzmatdaşlyk we goşmaça maglumat üçin +99364 033258 telefon belgisi arkaly habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Şeýle hem, «France Oil Perfume»-de hyzmatlaryň ýene biriniň — hoşboý yslary sepip görmek üçin abunalaryň bardygyny hem ýatladýarys. Bu diňe bir her günüňize özboluşlylyk çaýmak üçin ajaýyp usul däl, eýsem, aýratyn pursatlar üçin mynasyp ysyňyzy tapmak üçinem ajaýyp ýoldur.

Hoşboý yslary sepip görmek üçin abonentler

Her tapgyr üçin üç nyrh:

1. «WHITE» nyrhy (bahasy – 200 ТМТ ) – «LUXE» seriýasyndaky islendik atyry «France Oil Perfume»-niň her bir nokadynda bir aýyň dowamynda ulanmaga mümkinçilik berýär.

2. «SILVER» nyrhy (bahasy – 400 ТМТ ) – «LUXE» we «SELECTIVE» seriýasyndaky islendik atyry «France Oil Perfume»-niň her bir nokadynda bir aýyň dowamynda ulanmaga mümkinçilik berýär.

3. «GOLD» nyrhy (bahasy – 600 ТМТ ) – Bir wagtda üç kolleksiýany – «LUXE», «SELECTIVE» we «EXCLUSIVE» görnüşlerini ulanmaga mümkinçilik berýär.

«France Oil Perfume» bilen hoşboý yslaryň dünýäsine aralaşyň, özüňize we ýakynlaryňyza ýatdan çykmajak müşki-anbarlary sowgat ediň!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews