12-nji apreliň täleýnamasy

SalamNews

12 Aprel, 2024

1

Hamal  (21.03 — 20.04)

Bu gün hamallar üçin düşümli bolar. Durmuşyňyzda boljak şowlulyklar hatda özüňizi hem haýran galdyrar. Ýöne hamallar ozalky ýörelgelerine eýerip, özlerini sabyr-takatly alyp barmalydyrlar.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlar üçin adaty gün bolar. Köne surat albomlaryna seredip, geçmişiňize nazar aýlaň. Şonda geljegiňiz barada täze pikirleriň döremegi mümkin.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Bu gün jöwzalar üçin şowly wakalara baý bolar. Ýöne olar käbir meýilnamalarynyň haýal gidýändiginden nägile bolmaly däldir. Jöwzalara bu günüň maslahaty: Daş-töweregiňizi gurşap duran boş salgymlara aldanmaň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Bu gün ähli üstünlikler meýilnamalaryňyza görä yzly-yzyna geler. Emma siziň üstünlikleriňize bahylçylyk edýän adamlar hem bar. Olaryň gepine gitmäň.

Eset  (23.07 — 23.08)

Maliýe, pul serişdeleri babatynda esetleriň işleri ugruna bolar. Ýyldyzlar size serişdeleriňizi tygşytly ulanmagy maslahat berýär.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu gün hemme zada ýetişjek bolup alňasamaň. Nämäni has möhüm hasaplasaňyz, şol işiň başyna baryň. «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýen nakyl şu gün hut size degişlidir.

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu gün ýyldyzyňyz size gowy zatlary wada berýär. Nähili ýagdaý bolsa-da dostlaryňyza daýanyp bilersiňiz. Olar bu gün sizi diňe goldarlar.

Akrap (24.10 — 22.11)

Mizanlara eken zadynyň hasylyny ýygnamagyň wagty geldi. Olar şu güne çenli çeken zähmetiniň boş ýere sarp edilmedigine göz ýetirerler.

Kowus (23.11 — 21.12)

Sözüň doly manysynda bu güni siz üçin iň şowly gün diýip bileris. Öz zehiniňizi, başarnygyňyzy görkezmekden çekinmäň. Iş başarnygyňyz, erjelligiňiz size täze meýilnamalary düzmäge itergi berer.

Jedi (22.12 — 20.01)

Bu gün töwekgelçilik etmeseňiz gowy bolar. Çünki garaşýan netijeleriňiz bolman hem biler. Täleýiňiz size ruhubelent bolmagy maslahat berýär.

Daluw (21.01 — 20.02)

Öz söýýän pişeleriňiz bilen meşgullanyň. Bu sizdäki dartgynlylygy, stresi aýyrmaga ýardam berer. Meselem aýdym diňlemek, film görmek, sport bilen meşgullanmak siz üçin peýdaly bolup biler.

Hut (21.02 —20.03)

Bu gün size akyl-paýhasyň öýjügi diýip bolar. Her bir işe oýlanyşykly çemeleşmegiňiz, parasatly gürrüňleriňiz töwregiňizdäkileriň ünsüni özüne çeker.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews