14 ýyldan soň toparyna baýrak gazandyrdy

SalamNews

13 Aprel, 2024

1

Angliýanyň «Premier Ligasynda» mart aýynyň ökdeleri mälim edildi. Mart aýynyň oýunçysy diýlip «Fulham» toparynyň braziliýaly hüjümçisi Rodrigo Muniz saýlandy. Ol Koul Palmer, Mak Allister, Hyn Min Son, Ben Waýt, Aleksander Isak dagydan köp ses almagy başardy. 22 ýaşyndaky oýunçy 14 ýyldan soň bu baýragy gazanan «fulhamly» futbolçy boldy. Soňky gezek 2010-njy ýylda «Fulhamdan» derwezeçi Mark Şwarser saýlanypdy. Muniz mart aýynda 4 oýunda 4 gol geçirip, 1 goluň hem pasyny berdi.

Mart aýynyň tälimçisi diýlip, «Bornmut» toparynyň tälimçisi, ispaniýaly Andoni Iraola saýlandy. «Bornmut» topary mart aýynda geçiren 4 duşuşygynyň 3-sinde ýeňiş gazandy. 1 oýunda-da deňme-deň netije görkezdi.

«Mançester Ýunaýted» toparynyň ýyldyzy Markus Reşfordyň Mançester derbisinde geçiren goly-da mart aýynda derwezä urlan gollaryň arasynda iň owadany diýlip saýlandy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews