9 ýyldan soň ýarym finala çykan Jokowiç Nadalyň rekordyny täzeledi

SalamNews

13 Aprel, 2024

1

Monakoda dowam edýän «Monte Karlo Masters» ýaryşynda serbiýaly Nowak Jokowiç ýarym finala çykdy. Serbiýaly tennisçi çärýek finalda awstraliýaly Aleks de Minory 7:5 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, sanawyň 1-nji belgilisi Jokowiç 2015-nji ýyldan soň ilkinji gezek «Monte Karlo Masters» ýaryşynda ýarym finala adyny ýazdyrdy. 36 ýaşyndaky tennisçi «Masters» ýaryşlarynda 77-nji gezek ýarym finala çykyp, bu ugurda Rafael Nadalyň rekordyny täzeledi. Jokowiç «Masters» ýaryşlarynda iň köp finala çykan hem-de iň köp çempionlyk gazanan tennisçi ugurlary boýunça-da rekordyň eýesidir. Jokowiç Monte Karloda 2013-nji we 2015-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy.

Jokowiç ýarym finalda norwegiýaly Kasper Ruud bilen özara güýç synanyşar. Ýeňiş gazanan tennisçi-de Stefanos Sisipas bilen Ýannik Sinneriň arasyndaky ýarym finalyň ýeňijisi bilen finalda duşuşar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews