Türkmen küştçüsi Özbegistanda geçen halkara ýaryşy üstünlikli jemledi

SalamNews

13 Aprel, 2024

Daşkentde Özbegistanyň ilkinji grossmeýsteriniň ýadygärligine bagyşlanan «Georgiý Agzamowyň ýadygärligi» atly 17-nji halkara küşt ýaryşy guraldy.

Şweýsar usulynda guralan ýaryş «А» we «В» toparçalarda ýaýbaňlandyrylyp, oňa 18 ýurtdan 247 küştçi gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşýan küştçiler 10 tapgyrda bäsleşdiler.

Baýrak ugrunda 92 küştçiniň (81 erkek we 11 zenan), şol sanda erkeklerden 15 halkara grossmeýsteriň, 13 halkara ussadynyň, zenanlardan bolsa 2 grossmeýsteriň, 4 halkara ussadynyň bäsleşen iň güýçli böleginde — «A» toparda Türkmenistanyň iki wekili — halkara ussat Saparmyrat Atabaýew we FIDE ussady Jemal Öwezdurdyýewa çykyş etdi.

Saparmyrat Atabaýew 6,5 utuk toplady. Onuň utuklarynyň sany ýaryşyň ýeňijisi, grossmeýster Susanto Megarantonyňdydan (Indoneziýa) 1,5 utuk kem bolup, halkara grossmeýsterligiň kadasyny doldurmaga bary-ýogy 0,5 utuk ýetmedi. Ildeşimiz öňdäki onluga girmegi başardy.

Jemal Öwezdurdyýewa umumy sanawda 5,5 utuk toplap, umumy hasapda 27-nji, zenanlaryň arasynda bolsa birinji ýeri eýeledi.

Ýaryşyň barşynda ildeşimiz adygan grossmeýsterler, belarusly Alekseý Aleksandrowy, russiýaly Igor Ýagupowy, özbegistanly halkara ussat Akmal Faýzullaýewi, soňky tapgyrda bolsa Özbegistanyň ýaş «ýyldyzy», öz ýurdunda zenanlaryň arasynda iň ýokary reýtinge eýe (2327) bolan hem-de 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda dünýä çempiony Afruza Hamdanowany ýeňdi.

Zenanlaryň arasynda ikinji orny Hançžou (Hytaý) şäherinde geçirilen 19-njy tomusky Aziýa oýunlarynyň kümüş medalçysy, özbegistanly halkara ussat Umida Omonowa eýeledi. Zenanlaryň arasyndaky bäsleşikde öňdäki üçlügi jemlemek Özbegistanyň birnäçe gezek çempiony, grossmeýster Nilufar Ýakubbaýewa miýesser etdi.

Daşkentde geçen ýaryşda Jemal Öwezdurdyýewa zenanlaryň arasynda halkara ussatlygynyň ikinji derejesiniň kadasyny-da doldurdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews