Türkmenistan CITES Konwensiýasyna goşulmaga taýýarlanýar

SalamNews

Daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ýabany haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýitip barýan görnüşleri boýunça halkara söwda konwensiýasyna (CITES) goşulmak baradaky teklibi Prezident Serdar Berdimuhamedowa hödürledi.

Bu resminama dünýäde biologik dürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen iň täsirli halkara hukuk gurallarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň 180-den gowrak döwleti bu Konwensiýanyň agzasydyr. Onuň sanawyna haýwanlaryň we ösümlikleriň 33 müňden gowrak görnüşi girizilip, olaryň ençemesi Türkmenistanda hem ýaýrandyr. Degişli seljerme işleriniň geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy seýrek hem-de ýitmek howpy astyndaky haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň has netijeli goralmagyna mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanynyň garamagyna Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewraziýa sebitleýin assosiasiýasyna (EARAZA) Türkmenistanyň agza bolmagy baradaky teklip hödürlenildi. Munuň özi assosiasiýa agza ýurtlaryň haýwanat baglarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem-de bu ugurda işgärleriň iş tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik döreder.

Ýurdumyzda we oňa ýanaşyk zolaklarda biodürlüligi gorap saklamak, hususan-da, ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini goramak, halkara hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň ekologiýa ministrlikleriniň arasynda Üstýurt platosynyň haýwanat dünýäsini goramak pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň (COP29) öňüsyrasynda geçiriljek Ýaşlar maslahatyna (COY19) taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi babatdaky başlangyçlarynyň 2024-nji ýyl üçin «Ýol kartasy» taýýarlanyldy. Bu resminama daşky gurşawy goramaga gönükdirilen ekologik bilimliligi artdyrmak bilen bagly çärelerden hem-de ylmy barlaglardan ybaratdyr.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda daşky gurşawy goramaga we ekologik abadançylygy üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňündäki meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Döwlet Baştutany bu ugurda köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek ugrunda netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews