Italiýan modelýeri Roberto Kawalli aradan çykdy

SalamNews

Italiýan modelýeri Roberto Kawalli uzaga çeken keselden soň, 83 ýaşynda aradan çykdy. Moda dünýäsinde ol däp bolmadyk stili bilen meşhur bolupdy.

Ol öz ady bilen baglanyşdyryp, Kawalli brendini 1970-nji ýylda döredipdi. Dizaýner hökmünde ilkinji çykyşy 30 ýaşynda wagty Parižde bolupdy. 1970-nji ýyllaryň başynda Kawalli deride çap etmek ýaly innowasion täri oýlap tapdy we oňa patent aldy. 1972-nji ýylda kenarýaka Sen-Tropede ilkinji dükanyny açdy. Şol ýyl Florensiýanyň Palazzo Pitti şäherinde ilkinji moda sergisini geçirdi. Dizaýner köpçülige zenanlara niýetlenen lybaslaryň öňdebaryjy toplumlaryny hödürledi.

Modelýeriň döreden eşikleri aýratyn tapawutlanyp, animalistik äheňleriň yzlary ýumşak deri tehnikasynyň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi.

Meşhur modelýer dogduk Watanynda — Florensiýada aradan çykdy diýip, «Мир24» habar berýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews