Türkmenistan metan zyňyndylaryny kadalaşdyrmak meselelerine seredýär

SalamNews

1

11-12-nji aprelde ÝHHG tarapyndan geçirilen maslahatda Metanyň zyňyndylaryna gözegçilik ulgamyny ornaşdyrmak meselesi üns merkezinde boldy.

Iki gün dowam eden maslahatyň maksady ÝHHG-niň uglerod karz söwdasy babatynda öňdebaryjy tejribeleri we halkara tejribesini alyşmagy ýeňilleşdirmek we metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen hökümet çärelerini hödürlemekden ybarat boldy.

Bu maslahata «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmengeologiýa» döwlet konsernlerinden we Daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de beýleki ygtyýarly guramalardan wekiller gatnaşdy.

Halkara bilermen metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak we azaltmak boýunça hökümet syýasaty, ÝHHG-niň sebitindäki söwda meýilnamasynyň möçberi we inwentar hasabatyny taýýarlamak barada çykyş etdi.

«Bu maslahat Türkmenistan hökümetine daşky gurşawyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda goldawyň bir bölegi hökmünde, global metanyň borçnamasynyň çäginde ýurduň metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça edýän tagallalaryna goldaw bermek maksady bilen guraldy» diýip, Merkeziň ykdysady we daşky gurşaw bölüminiň başlygy Uilýam Lif belläp geçdi.

Maslahata gatnaşyjylar uglerodyň yzyny hasaplamak, uglerod karzlaryny bermegiň tertibi we serhetara uglerody kadalaşdyrmak ýaly meselelere garadylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews