Türkmenistanyň oba-hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin we Döwlet weterinariýa gulluklaryna IT enjamlary gowşuryldy

SalamNews

1

12-nji aprelde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA 10) Türkmenistanyň oba-hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin we Döwlet weterinariýa gulluklaryna resmi ýagdaýda, umumy bahasy 57 068.82 ýewro bolan IT enjamlaryny gowşurdy.

Peýdalanyjy guramalar 60 sany kompýuteri we monitorlary, 7 sany göçüm ekranly proýektorlary, 6 sany Wi-Fi routerlerini we 20 sany USB adapterini kabul etdiler. Bu enjamlar bar bolan sanly ulgam arkaly elektron resminamalar dolanyşygyny kämilleşdirmekde zerur bolup durýar. Kabul edilen enjamlar ýurdumyzyň ähli serhet gözegçilik nokatlaryna we welaýatlardaky müdirliklere paýlanylar.

Bu serişdeler «BOMKA 10» Maksatnamasynyň «Serhetlerden kanuny söwda akymlaryna goldaw bermek» atly 3-nji bölüminiň çäginde satyn alyndy we dolandyryş/sanlaşdyrma prosesslerine netijeli geçmekligiň üsti bilen peýdalanyjy guramalaryň dolandyryşynyň netijeligini ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilendir.

Ýewropa Bileleşiginiň (BOMKA 10) Maksatnamasy esasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dowam edýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews