Aşgabatda Daşoguz welaýatynyň nakgaşlarynyň sergisi açyldy

SalamNews

21 Aprel, 2024

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde ýurduň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz walaýat bölüminiň agzalarynyň eserleriniň sergisi açyldy. Sergide surat, grafika, keramika, heýkeltaraşlyk we halk döredijiligi hem senetçilik eserleri bar.

«Ülkämiň bahary - ylham joşguny» diýen at bilen geçirilen sergä suratkeşleriň türkmen topragynyň milli gymmatlyklaryny, bol hasyllylygyny we gözelligini, adamlaryň sahy hem syrly içki dünýäsini görkezmäge synanyşan eserleri çykaryldy.

Sergä gelýänler Baýramgeldi Geldiýew, Azat Tuwakow, Zahit Babaýew, Çingiz Töraýew, Baýgeldi Annamedow, Merdan Kakabaýew ýaly zehinli suratkeşleriň ajaýyp eserlerine tomoşa edip bilerler.

Zehinli nakgaşlaryň eserleri türkmen topragyna çäksiz söýgi, häzirki döwrüň hakykatlaryna ýokary derejede düşünmek, belli bir mowzugy saýlamak hem doly açmak ukybyna esaslanýar. Olaryň hersiniň işini beýlekilerden tapawutlandyrýan özboluşly galam ýöredişi bar.

Umuman, sergi sungatyň dürli ugurlarynda döredilen 250-den gowrak eseri özünde jemledi. Şeýle hem erkin suratkeşleriň eserlerini öz içine aldy.

Sergä giriş — tölegsiz. Oňa 10 iş gününiň dowamynda baryp bolýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews